AFK-nyň kubogy ― 2020: «Dordoý» Türkiýedäki türgenleşiklerini tamamlady

14:4527.02.2020
0
3770

Düýn Russiýanyň Omsk şäheriniň «Irtyş» futbol topary geçirilen we 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan ýoldaşlyk duşuşygyndan soňra, Gyrgyzystanyň çempiony «Dordoý» Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady.

Şeýlelikde, «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogy ― 2020-däki garşydaşy Türkiýede ýoldaşlyk duşuşyklarynyň bäşisini geçirdi. Topar şolaryň üçüsinde ýeňildi, iki duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.

Aleksandr Krestininiň şägirtleri Bişkege dolanyp geldiler. Olar häzir Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyga we 11-nji martda AFK-nyň kubogynyň çäginde «Altyn asyr» bilen boljak oýna taýýarlanýarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň