Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Özbegistanyň futbol çempionatyna badalga berilýär

14:3527.02.2020
0
4698

Şu gün sagat 16-da başlanjak «Pahtakor» ― «Nawbahor» duşuşygy bilen Özbegistanyň futbol çempionatynyň Superligasynda täze möwsüme badalga berler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýyl özbek çempionatynda çykyş etjek ildeşlerimiziň sany köpeldi. Ildeşlerimizden ― milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow täze möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygyna birigün çykar. Şol gün onuň çykyş edýän AGMK-si «Metallurgy» kabul eder.

Düzümini täze oýunçylar, şol sanda türkmenistanly futbolçylar Wezirgeldi Ylýasow hem-de Abdy Bäşimow bilen güýçlendiren «Kyzylkum» bolsa täze möwsümdäki ilkinji duşuşygyny 1-nji martda öz meýdanynda geçirer. Nawoýi şäheriniň topary şol gün Garşynyň «Nasafyny» kabul eder.

Şu ýylyň başynda «Bunýodkor» bilen şertnama baglaşan Selim Nurmyradowyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygynda şikes alandygyny ýatladýarys. Topar şşondan soň onuň şertnamasy barada hiç hili resmi habar bermedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň