Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Daşary söwda üçin «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri» atly okuw maslahaty geçirildi

14:3027.02.2020
0
5918

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hakynda Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz işini kämilleşdirmek maksady bilen, sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli işleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, «Bir penjire» ulgamyna geçmek boýunça meselelere uly üns berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda geçirilen  «Daşary söwda üçin «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri» atly okuw maslahaty hem şoňa bagyşlandy ― diýip, gullugyň resmi saýty habar berýär.

Okuw maslahaty BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy hem-de Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy tarapyndan gurnaldy.

Bu guralan çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri - DYI gatnaşyjylary we halkara bilermenler gatnaşdylar.

«Bir penjire» ulgamyny girizmek boýunça görkezilen tanyşdyryşlar arkaly okuw maslahatyna gatnaşyjylar döwrebap konsepsiýalar, bu ulgama geçmek üçin zerur bolan maglumat tehnologiýalar we olary işe ornaşdyrmagyň usullary bilen giňden tanyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda we Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýardam etmeginde Türkmenistanyň Döwlet gümük gullugynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamynyň milli görnüşi girizildi. Hut şu ulgamyň biziň ýurdumyzda daşary söwda üçin «Bir penjire» taslamasynyň ornaşdyrylmagyna hemaýat etjek esasy binýat bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň