“Real Madrid” öz meýdançasynda, “Ýuwentus” myhmançylykda ýeňlişe sezewar boldy

14:2727.02.2020
0
5671

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň soňky 2 duşuşygynda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” topary öz meýdançasynda “Mançester Sitiden” 2-1 hasabynda utuldy. 60-njy minutda Iskonyň goly bilen öňe saýlanan “Real Madrid” soňky minutlarda Gabriel Žesusyň (78) we Kewin de Bruýneniň (83) penalti goluna çäre tapyp bilmedi. Duşuşygyň tamamlanmagyna 4 minut galanda, Gabriel Žesusyň garşysyna gödeklige ýol beren Serhio Ramos gyzyl kart alyp, meýdançadan kowuldy. Bu onuň karýerasyndaky 26-njy gyzyl karty hökmünde hasaba alyndy.

Fransiýada oýnalan “Lion”–“Ýuwentus” duşuşygynyň-da esasy faworiti kagyz ýüzünde bolsa, italýan toparydy. Ýöne bu duşuşykda köpleriň garaşýan netijesi hasaba alynmady. Ýer eýeleri “Lion” topary Lýuka Tuzaryň 31-nji minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Oýnuň galan wagtynda myhmanlar birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi.

Bu iki duşuşygyň jogap oýunlary 17-nji martda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň