Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge bagyşlanan maslahat geçirdi

23:2726.02.2020
0
5725

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar öz ýolbaşçylyk edýän ugurlarynda ýaşlar babatynda alnyp barylýan işler dogrusynda hasabat bilen çykyş etdiler.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýaşlaryň arasynda ösen jemgyýete mahsus bolan sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny berkitmek, maşgalanyň hukuk derejesini ýokarlandyrmak, halkymyzyň mukaddes gymmatlyklaryna hormat goýmak ýörelgelerini ösdürmek meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklanylmalydyr diýdi.

Milletiň LIderi ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça işlere giňden çekmegiň, bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.

Zenanlar birleşigine Ýaşlar guramasy bilen bilelikde sport çärelerini guramak boýunça geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutany ýaşlaryň arasynda hünär bäsleşiklerini guramak bilen bagly işleriň giňden alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, gyzlaryň arasynda el hünärlerine degişli çäreleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi hem-de bilim terbiýesi bilen baglanyşykly geçirilmeli çäreleriň ählisine deputatlaryň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerli guramalarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň ýerli wekilleriniň, bilim hem-de medeniýet işgärleriniň işjeň gatnaşmagy wajypdyr.

Döwlet Baştutany ýaş nesilleriň bilimi we terbiýesi bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ünsüni guralýan çärelerde Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wakalaryň möhüm orun eýelemelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň