Soňky habarlar

Arhiw

Mariýa Şarapowa tennis bilen hoşlaşdy

19:4026.02.2020
0
4351

Russiýaly dünýä belli tennisçi Mariýa Şarapowa tennis bilen hoşlaşandygyny habar berdi. 32 ýaşly tennisçi bu habary “Vanity Fair” žurnalyna ýazan makalasy bilen mälim etdi. Ol makalasynda: “Ömrüňizi bagyş eden durmuşyňyzy yzda goýup gitmek juda kyn. 28 ýyllap uly söýgi bilen çykyş eden, wagtal-wagtal gözýaşlar bilen, şatlykly pursatlar bilen başdan geçiren sport karýeramy tamamlaýaryn. Kijiçik gyzjagazkam başlan we soňlugy bilen ullakan maşgala öwrülen sportdan gidýärin. Meni bagyşlaň, tennis, hoş gal sen” diýen duýguly setirler bilen tennisi taşlaýandygyny aýdýar.

2001-nji ýylyň 19-njy aprelinde professional karýerasyna ilkinji ädimini äden Şarapowa 2004-nji ýylda Wimbledonda ýeňiş gazanyp, hemmeleri haýrana goýupdy. 1987-nji ýylyň 19-njy aprelinde dünýä inen owadan tennisçi karýerasy boýunça 5 “Uly tuwulga” kubogyny gazandy. OI 2004-nji ýylda Wimbledonda, 2006-njy ýylda Amerika Açykda, 2008-nji ýylda Awstraliýa Açykda, 2012-nji we 2014-nji ýyllarda-da Fransiýada çempion bolupdy. 2016-njy ýylda gadagan edilen meldonýum maddasyny ulanandygy üçin 15 aý tennisden daşlaşdyrylan Şarapowa tutuş karýerasynda 36 ýaryşda çempion bolmagy başardy. 2005-nji ýylda WTA-nyň sanawynda 1-nji orna çenli çykmagy başaran Şarapowa 2012-London Olimpiadasynda kümüş medal gazanypdy. Dürli-dürli mahabatlara çykýan Şarapowa tennis ýaryşlaryndan 38,7 million dollar möçberinde pul baýragyny gazanyp, ol bu ugurda 3-nji hatarda barýar. Wagtal-wagtal şikesi sebäpli meýdança çykyp bilmedik Şarapowa karýerasy boýunça 645 oýunda ýeňiş gazanyp, 171 duşuşykda ýeňildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň