Soňky habarlar

Arhiw

Kowalçuk Oweçkiniň topardaşy boldy

18:3726.02.2020
0
688

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-iň “Monreal Kanadiens” toparynyň russiýaly hokkeýçisi Ilýa Kowalçuk watandaşy Aleksandr Oweçkiniň kluby “Waşington Kapitols” toparynyň hataryna goşuldy. 36 ýaşly Kowalçuk NHL-de geçirilen draft boýunça paýtagtlylaryň oýunçysy boldy. “Waşinton Kapitols” Kowalçugyň şu möwsümdäki 3-nji topary bolar. Ol möwsüme “Los Anjeles Kings” toparynda başlap, soňlugy bilenem Monreal toparyna geçipdi. “Monreal Kanadiensiň” düzüminde 3 gol geçiren Ilýa Kowalçuk şu wagta çenli NHL-de 919 duşuşykda 872 utuk toplamagy başardy. Kowalçugyň täze toparynda onuň watandaşy hökmünde diňe bir Oweçkin bolman, eýsem Dmirtiý Orlow, Ilýa Samsonow, Ýewgeniý Kuznesow dagy hem çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň