Soňky habarlar

Arhiw

Garaşylýan duşuşyk: “Real Madrid” – “Mançester Siti”

18:1126.02.2020
0
1172

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň ýene-de 2 duşuşygy şu gün geçirilip, tapgyryň birinji oýunlary tamamlanar. 1/8 finalyň iň köp garaşylýan duşuşygynda kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” öz meýdançasynda “Mançester Sitini” kabul eder. 01:00-da başlanjak oýna italiýaly Daniele Orsato eminlik eder. Iki topar mundan öň 4 gezek duşuşdy. Şolaryň 2-sinde “Real” ýeňiş gazanyp (1-0, 3-2), beýleki 2 oýun golsuz ýagdaýda tamamlandy. Şu günki duşuşykda “Real Madridiň” ýyldyz oýunçysy Edin Azar şikesi sebäpli oýnap bilmez.

“Lion”–“Ýuwentus”

Şeýle-de şu gije Çempionlar ligasynyň iň köp gol geçiren futbolçysy Kristiano Ronaldo hem meýdança çykar. Ýagny “Ýuwentus” topary myhmançylykda fransuzlaryň “Liony” bilen güýç synanyşar. 01:00-da başlajak duşuşykda ispaniýaly Hesus Žil Manzano jürlewük çalar. Bu iki topar hem şu gün 5-nji gezek duşuşarlar. Öňki 4 oýunda “Ýuwentus” 3 gezek ýeňiş gazandy (0-1, 0-1, 2-1). Bir oýun hem 1-1 deňlikde gutardy. Ýer eýeleriniň esasy oýunçysy Memfis Depaý şikesi sebäpli çykyş edip bilmez. Italýan toparynda-da Kediranyň, Higuainiň hem-de Duglas Kostanyň oýnap-oýnamajakdygy näbelli.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň