Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda futbol boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçiriler

11:4426.02.2020
0
5154

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy mart aýyndaky meýilnamasyna 2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda geçiriljek milli birinjiligi hem goşdy. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyryljak futbol ýaryşynyň duşuşyklary 21 ― 28-nji mart aralygynda Daşoguz şäherinde geçiriler. Oňa paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň sebitlerinden ýetginjeklerden düzülen ýygyndylar gatnaşar.

Federasiýa tarapyndan tassyklanan düzgünnama laýykykda ýaryş bir aýlaw görnüşinde geçiriler. Aýlawyň netijesinde iň köp utuk toplan ýygyndy ýurdumyzyň çempiony bolar.

Umuman, Türkmenistanda täze futbol we futzal möwsümleriniň mart aýynda başlanjakdygyny ýene bir gezek ýatlatmak isleýäris. Öňümizdäki aýda futbol boýunça Ýokary liganyň, futzal boýunça Naýbaşy liganyň duşuşyklaryna hem badalga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň