Kamera ýaly smartfon

10:5626.02.2020
0
731

Köp ýyldan bäri kamera we fotoapparat öndürýän “Sony” kompaniýasy soňky ýyllarda smartfon önümçiligini ýola goýdy. Fotoapparat öndürmekde birnäçe ýyllyk tejribesi bolan ýapon brendiniň öndürýän smartfonlary ýokary durulykda surata almagy bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň täze tanyşdyran “Xperia Pro” smartfony bolsa, HDMI geçirijisi arkaly kameralara we fotoapparatlary birikdirilip, ony dolandyrmak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem telefonyň 5G aýratynlygy bolup, aragatnaşygyň ösen derejesinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýapon brendi mundan başga-da, “Xperia 1 II” we “Xperia 10 II” smartfonlaryny tanyşdyrdy. “Xperia 1 II” “Xperia Pro”-dan diňe 5G aýratynlygynyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Kompaniýa 5G-li telefonlaryny diňe belli ýurtlara we sebitlere hödürleýär. “Xperia 10 II” bolsa orta derejeli smartfon hasaplanýar. Täze enjamlaryň şu ýylyň dowamynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň