«VCE» kompaniýasy Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynyň hil-barlag gözegçiligini amala aşyrýar

10:4926.02.2020
0
873

Gurluşygyna mundan bir ýyl ozal badalga berlen Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygyna türkmen hünärmenleri bilen bir hatarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem gatnaşýar. Olaryň biri hem «VCE» kompaniýasydyr.

— Biz Awstriýadan geldik. Biziň kompaniýamyz «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşdy we şol esasynda iş alyp barýarys. Biz Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşyk meýdançasynda ýoluň hil-barlag işlerini meýilnama laýyklykda, her günde amala aşyrýarys. Gözegçilik etmekde dünýä ül­ňülerine laýyk gelýän iň kämil tehnologiýalary ulanýarys. Bu bolsa awtobanyň hiliniň ýokary bolmagyna ýardam eder. Talabalaýyk işlerimiziň netijesinde, hatda tomsuň yssy günlerinde hem agyr ýükli ulaglar gatnanynda-da ýola hiç hili zeper ýetirmez.

Häzirki wagtda «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tehniki gözegçilik bölüminiň işgärleri bilen bilelikde kompaniýamyzyň maslahatçylary degişli işleri-de geçirýärler. Awtobanyň hil-barlag işleri boýunça yzygiderli okuw sapaklary guralýar.

Ýeri gelende aýtsak, «VCE» kompaniýamyz Ýewropanyň ähli ýerinde diýen ýaly iş alyp barýar. Katarda, Rumyniýada, Germaniýada, Gollandiýada, Slowakiýada, Gresiýada şahamçalarymyz işleýär.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýoly örän bähbitli işdir. Elbetde, munuň özi taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, gadymy dostluk ýolunyň ýene bir gezek dabaralanmasyna öwrüler. Dostlukly ýurtda taryhy ýoluň gurluşygyna goşant goşmaga, önjeýli zähmet çekmäge ähli şertleri döredýän hormatly Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys — diýip, «VCE» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili Domagoj Perkowiç «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň