«Edermen» hojalyk jemgyýeti Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna 550 işgär, 200-e golaý tehnika bilen gatnaşýar

10:4026.02.2020
0
4643

Ozal hem habar berlişi ýaly, Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça «Nusaý ýollary» hususy kärhanasynyň, «Altyn nesil», «Hyzmat merkezi», «Edermen» hojalyk jemgyýetleriniň gurluşykçylary alyp barýarlar.

— «Edermen» hojalyk jemgyýetimiziň paýyna degişli ýoluň 40 — 60 kilometrliginiň gurluşyk meýdançasynda işjanly gurluşykçylarymyzyň 550-si zähmet çekýär. Iki çalşykda dowam edýän gurluşyk işinde tehnikalaryň 190-sy işledilýär. Geotekstil, çagyl düşegi, ýerasty suw we mal geçelgelerinde gurluşygymyz öndürijilikli dowam edýär. Biz taryhy ýoluň gurluşygyna goşant goşmakda mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys — diýip, «Edermen» hojalyk jemgyýetiniň awtobanyň 40 — 60-njy kilometrligindäki gurluşyk meýdançasynyň başlygy Muhammetjelil Rejepow aýdýar.

Onuň aýdanlary «Türkmenistan» gazetinde getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň