Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň 100 kilometrinde çagyl-çäge garyndysynyň birinji gatlagy doly düşeldi

10:3526.02.2020
0
1065

Şu günler gurluşygy ýokary depginde dowam edýän Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunda gurluşygyň başlanýan ýerinden 100-nji kilometrligine çenli aralygyň çagyl-çäge garyndysynyň birinji gatlagy düşelip gutaryldy we ikinji gatlagy düşemek işleri dowam edýär. Şonuň ýaly-da, edermen gurluşykçylar ýerasty ýol, oba hojalyk tehnikalary hem-de mal geçelgelerini gurmakda hem netijelilik görkezýärler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Infrastruktura desgalarynda, ýola goşulyşmak mümkinçiligini döredýän uly trompet köprüsinde, şeýle hem beýleki köprüleriň gurluşygynda-da işler köstsüz ýerine ýetirilýär.

Bellenilen meýilnama laýyklykda ýoluň birinji tapgyry şu ýylyň dekabr aýynda gurlup tamamlanar. Onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary alyp barýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň