Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyrynda gurulmaly 67 suw geçelgesiniň 41-si taýýar edildi

10:3026.02.2020
0
681

600 kilometr töweregi menzile uzajak Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dekabrynda ýoluň gurluşygynyň birinji tapgyryny doly tamamlanar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça gurluşyk meýdanynda iş alyp barýan «Nusaý ýollary» hususy kärhanasynyň, «Altyn nesil», «Hyzmat merkezi», «Edermen» hojalyk jemgyýetleriniň gurluşykçylary şu günler yhlasly zähmet çekýärler. Gurluşygyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegine ýoluň 203 kilometri degişlidir. Ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Kaka, Tejen, Babadaýhan etraplarynyň çäginden geçer. Bu aralykda suw geçelgeleriniň 67- si bolup, şolaryň 41-si eýýäm gutarnykly taýýar edildi. Galan 26-synda bolsa işler gyzgalaň­ly dowam edýär. Ýer düşegini taslama boýunça beýiklik derejesine ýetirmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň