Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňi geçirildi

23:4625.02.2020
0
756

Dubaý şäherinde (BAE) 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňine dünýäniň nebitgaz bazarynyň öňdebaryjylary, ýurdumyzyň uglewodorod pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu ýöriteleşdirilen forum ýurduň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir.

Roud-şüweleňi guraýjylaryň maglumatlaryna görä, bu çärä 40-a golaý ýurtdan iri kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşýar, munuň özi Türkmenistanyň barha ösýän gaz pudagyna dünýäniň energetika işewürligi tarapyndan ýokary gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Munuň özi düşnüklidir, sebäbi häzirki wagtda dünýäde bu babatda dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň tebigy gazlarynyň gorlary 50 trillion kub metrden gowrak möçbere deňdir. Türkmenistanyň geoykdysady taýdan amatly ýagdaýa hem-de uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bar bolan hem-de geljekde ýola goýuljak ugurlar boýunça gazyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri bardyr.

Dubaýda geçirilýän forumyň ilkinji gününde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahat we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly ilkinji mejlis boldy.

Bellenilişi ýaly, daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň barha artýan özüne çekijiliginiň esasy şertleriniň hatarynda ýurdumyzdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, şeýle hem degişli kanunçylyk binýady uly ähmiýete eýedir. Ýygnananlar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýeten sepgitleriniň giňişleýin syny, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.

Dubaýda geçirilýän maslahatyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisi bilen tanyşdyrmak çäresi guraldy, onda bu gurluşygyň ilerledilişi, ägirt uly taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýetirýän täsiri baradaky maglumatlar beýan edildi. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylar häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň hem-de bitaraplyk derejesiniň aýratyn möhümdigine ünsi çekdiler.

Mysal hökmünde Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklar getirildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan oňyn syýasat netijesinde biziň ýurdumyz bu döwletdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmakda hem-de bu ýurduň halk hojalyk toplumyny gaýtadan dikeltmekde hemmetaraplaýyn ýardam berýär, yzygiderli ýagdaýda ynsanperwerlik kömegini, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär, Owganystanyň ykdysadyýetini sebit gatnaşyklaryna çekmäge ýardam berýän ulag we energetika taslamalaryny amala aşyrýar.

Halkara roud-şüweleňiniň birinji iş gününiň mejlisleri Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň ösüşine, ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyna, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň deňiz toplumlarynyň özleşdirilmegine we maýa goýumlaryny çekmek meselelerine bagyşlandy.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle hem «Gas Strategies», «Haldor Topsoe», «China National oil and gas Exploration and Development Corporation», «Dragon Oil», «WOOD», «Gaffney, Cline & Associates» ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Göçme forum, iş duşuşyklary we gepleşikler şu gün – 25-nji fewralda dowam etdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň