Soňky habarlar

Arhiw

“Çelsi” “Bawariýany”, “Napoli” “Barselonany” kabul eder

16:4225.02.2020
0
1274

UEFA Çempionlar ligasynda şu gije 1/8 finalyň 2 duşuşygy oýnalar. Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanjak oýunlarda “Çelsi” öz meýdançasynda “Bawariýany”, Italiýanyň “Napoli” topary bolsa, “Barselonany” kabul eder.

“Çelsi” bilen “Bawariýanyň” arasyndaky duşuşyga fransiýaly Klemen Turpen eminlik eder. Iki topar mundan ozal özara 4 gezek duşuşdy. Şolarda her topar 1 gezek ýeňiş gazandy. 2005-nji ýyldaky çärýek final duşuşyklarynda gabatlaşan 2 toparyň 1-nji oýnunda “Çelsi” öz meýdançasynda 4-2 ýeňipdi. Jogap oýny “Bawariýanyň” 3-2-lik ýeňşi bilen tamamlanypdy. Toparlar 2012-nji ýylda Mýunhende Çempionlar ligasynyň finalynda-da duşuşypdylar. Ýatdan çykmajak taryhy duşuşykda “Çelsi” 88-nji minutda Drogbanyň goly bilen hasaby deňläp, penaltilerden soň, kubogy eýeläpdi. Iki topar 2013-nji ýylda UEFA Super kubogy duşuşygynda-da gabatlaşypdylar. Pragadaky oýnuň esasy wagty 2-2 deňlikde tamamlanyp, penaltilerden soň  bu gezek “Bawariýa” ýeňşini baýram edipdi.

Germaniýaly Feliks Bryhyň jürlewük çaljak oýnunda-da “Napoli” bilen “Barselona” özara güýç synanyşar. Diego Maradonanyň çykyş eden 2 topary UEFA-nyň ýaryşlarynda ilkinji gezek resmi ýagdaýda özara duşuşyk geçirerler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň