Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi açylar

15:3225.02.2020
0
596

Ertir ― 26-njy fewralda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» atly wagtlaýyn sergi öz işine başlar. Ol Halkara zenanlar gününe bagyşlanýar ― diýlip, «Türkmen gündogary» gazetinde berlen bildirişde aýdylýar.

Ertir gündiz sagat 14-de dabaraly ýagdaýda açyljak sergi 9-njy marta çenli dowam eder. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri bu serginiň geçen ýyllardakydan hem täsirli bolmagy üçin muzeýde bar bolan gymmatlyklardan we daşyndan birnäçe eksponatlary alyp, sergi bölümlerini gurnadylar. Olaryň aýdyşy ýaly, sergide türkmen zenanlarynyň el işlerinden başlap, milli lybaslaryna, taryhdaky we şu günlerdäki ornuna çenli şöhlelener.

Muzeý ýörite meýilnama laýyklykda ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyga seslenip, wagtlaýyn sergileri gurnap durýar. Hemişe köp adamly bolýan sergileriň çäginde gyzykly dabaralaryň hem birnäçesi geçirilýär.

Muzeýdäki gymmatlyklaryň täze tapyndylar bilen baýlaşýandygyny hem aýtmak gerek. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllyk baýramynyň bosagasynda muzeýe Lebap welaýatynyň çägindäki ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklaryň ýene-de birnäçesi getirilip gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň