Soňky habarlar

Arhiw

Zarýady has gowy saklaýan ýankompýuter tanyşdyryldy

15:2825.02.2020
0
780

“Honor” şereketi “View 30 Pro” smartfonyny hem-de köp wagtlap zarýad saklamagy bilen tapawutlanýan “MagicBook 14” we “MagicBook 15” ýankompýuterlerini tanyşdyrdy. Çal we kümüş reňkli kompýuterler ykjam, ýuka we ýeňil bolmagy bilen tapawutlanýar. Kompýuterler bir gezekki zarýady bilen 10 sagat ulanyp bolýar. Şeýle hem ýankompýuterler “Honor” smartfonlary bilen “akylly” baglanyşyk arkaly birikdirilýär. Ýankompýuterlerde barmagyň yzyny okaýjy howpsuzlyk açary hem ýerleşdirilipdir. Içki ýady 256 GB-a barabar bolan kompýuterler indiki aýyň ahyryna Ýewropa ýurtlarynda satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň