Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýat baş metjidi «Altyn gül» hususy kärhanasynyň iň iri gurluşygy boldy

15:0225.02.2020
0
370
Lebap welaýat baş metjidi «Altyn gül» hususy kärhanasynyň iň iri gurluşygy boldy

Indi 10 ýyl çemesi wagtdan bäri Lebap welaýatynyň çäginde iri gurluşyklaryň birnäçesini amala aşyran «Altyn gül» hususy kärhanasy geçen hepdäniň anna güni ýene bir täze binalar toplumyny ulanmaga berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda açylan Lebap welaýatynyň baş metjidi hususy kärhananyň 10 ýyllyk iş tejribesinde iň iri we jogapkärli gurluşyklaryň biri boldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Welaýatyň baş metjidiniň gurluşygy üçin «Binýat taslama» hususy kärhanasynyň taslama işi ýeňiji boldy. Gurluşyk şol taslama laýyklykda alnyp baryldy. Gurluşygyň baş potratçysy «Altyn gül» hususy kärhanasydyr. Ýöne işiň dowamynda kömekçi potratçylaryň hyzmatyndan hem peýdalanyldy.

Gurluşygyň dürli döwürlerinde işgärleriň sany üýtgäp durdy. Onuň has gyzgalaňly günlerinde 300-den gowrak, jemleýji tapgyrda 285 işçi işledi. Şol sanda olar «Altyn gül», «Ussat inžener», «Amatly ugur», «Täze jaý» we «Merdana il» hususy kärhanalarynyň we Türkmenabat şäher Jemagat hojalygynyň hünärmenleridir.

Gurluşygyň dowamynda «Altyn gül» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurluşyk işleriniň esasy bölegini alyp bardylar. Şeýle hem «Amatly ugur» hususy kärhanasy metjidiň sadaka jaýynyň VIP otaglary üçin içki gips dekoratiw bezegli bina goýmalaryny taýýarlamak, olary goýmak we reňklemek, «Merdana il» hususy kärhanasy içki elektrik ulgamyny ornaşdyrmak, «Ussat inžener» hususy kärhanasy sowadyş, ýyladyş ulgamlaryny, ýangyna garşy demir turbalary goýmak, santehnika, ýylylyk pollarynyň enjamlaryny oturtmak, tehnika galereýada demir turbalary we daşky suwaryş geçirijilerini gurnamak, synag işlerini geçirmek, ýyladyş desgasynda bug gazanlaryny oturtmak, «Täze jaý» hususy kärhanasy bolsa diwarlara keramogranit we granit örmek, basgançaklardyr meýdançalara granit düşemek ýaly işlere gatnaşdylar.

Gurluşyk da, esasan, ýerli serişdelerden peýdalanyldy. Şol serişdeleriň aglabasynyň Lebap welaýatynda öndürilmegi bolsa işiň bökdenç siz alnyp barylmagyny üpjün etdi.

Gurluşykda dürli tehnikalaryň 20-ä golaýyndan peýdalanyldy. Olaryň arasynda awtokranlar, awtomikserler, «MAZ», «KamAZ» ýaly ýük ulaglary, ankador, katok, diňli kran, ekskawator, JCB ýaly kuwwatly tehnikalar bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň