Soňky habarlar

Arhiw

«Atamyrat Aly» bir gije-gündizde 10 tonna towuk iýmini öndürýär

14:3225.02.2020
0
2067

«Atamyrat Aly» daýhan hojalygynda müşderileriň isleginiň artmagy bilen kombinirlenen towuk iýmitiniň önümçiliginiň gerimi barha giňeldilýär. Önümçilik desgalary Farap etrabynda ýerleşýän daýhan hojalygynda şu günler her gije-gündizde öndürilýän iýmiň mukdary 10 tonna çenli ýetýär ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Önüme isleg bildirýänleriň arasynda diňe bir lebaply towuk idediji toplumlar däl-de, Mary welaýatyndan gelýän işewürler hem bar. Türkiýe, Eýran ýaly döwletlerden getirilen döwrebap enjamlar önümçiligi has giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu daýhan hojalygynda işleriň köpugurly alnyp barylýandygyny hem aýtmak gerek. Towuk iýmleriniň dürli görnüşlerini öndürýän hojalygyň hünärmenleri bäş gektar ýerde mekgejöwen hem ýetişdirýärler. Bu bolsa esasy çig malyň hojalygyň özünden önmegini üpjün edýär. Hojalygyň kärendä alan ýeriniň bir böleginde ýylda 7 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubatoryň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyrda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň