Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky ITU-nyň wekiliýeti Rumyniýada iş saparynda boldy

10:0325.02.2020
0
1493

Golaýda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat topar Rumyniýada iş saparynda boldy. Buharestiň Politehniki uniwersitetine guralan iş saparynyň maksady ykdysadyýete we senagata sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmakdaky tejribeler bilen tanyşmakdan, hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de alymlardyr inženerleriň geljekki neslini höweslendirmäge ýardam etmegiň meseleleri babatda halkara tejribäni öwrenmekden ybarat boldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Iş saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň ýardamy bilen Buharestiň Politehniki uniwersiteti bilen birlikde «Bitarap Türkmenistanyň ylmy-tehniki syýasaty: türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýeti» atly «tegelek stoluň» başynda maslahat geçirildi. Oňa Buharestiň Politehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Maslahatda uniwersitetiň prorektory, professor George Darie türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ähmiýeti hemde bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň barha gi­ňeýändigi dogrusynda täsirli çykyş etdi. Soň­ra Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş etdi. Ilçi çykyşynda üstümizdäki ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenýändigi hem-de 12-nji dekabryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi baradaky Türkmenistanyň başlangyjy hakynda aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdi.

Türkmen wekiliýeti Buharestiň Politehniki uniwersitetiniň ylmy-barlag merkezinde alnyp barylýan işler bilen gi­ňişleýin tanyşdyryldy. Onuň dowamynda uniwersitetiň professory Bagdan Januan materiallaryň mikroskopiki der­ňew tejribehanasy bilen tanyşdyrdy. Barlaghananyň hünärmenleri bu mikroskoplaryň kömegi bilen alnyp barylýan işler, ýagny ähli materiallaryň gurluşy bilen bir hatarda, olaryň fiziki häsiýetleriniň, esasan hem, magnit, elektrik geçirijiligidir optiki häsiýetleriniň, has takyk öwrenilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Soň­ra bu barada sowal-jogap alşyldy.

Nanomateriallaryň himiýasy tejribehanasynda, esasan, nanomateriallaryň sintezi hem-de olaryň mehaniki, fiziki häsiýetleri boýunça ylmy-barlag işleriniň aglaba böleginiň polimerler materiallaryna degişlidigi barada alnyp barylýan işler bilen professor Olaret Elena tanyşdyrdy.

Aerokosmiki inženerçilik fakultetiniň Aerokosmiki ylmy tejribehanasynda, esasan, uçarmansyz uçarlaryň önümçiligine degişli uçarlaryň birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrdylar. Ol uçarlar, aýratyn-da, oba hojalygy üçin niýetlenip, olaryň kömegi bilen ýerleriň gözegçiligi, dermanlamak işleri hem-de ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly işler alnyp barylýar.

Biotehnologik ulgamlaryň inženerçiligi fakultetinde dosent Mariana Ferdeş mikrobiologiýa tejribehanasynda ýerli ösümlikler bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň derňewi, olary ösdürip ýetişdirmegiň şertleri, hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly ylmy işler barada gyzykly gürrüň berdi.

Professor George Ipateniň tejribehanasynda bolanymyzda, onuň oba hojalygynyň mehatronikasyna, robototehnikasyna degişli alyp barýan ylmy işleri bilen tanyşdyk. Bu tejribehanada oba hojalyk senagatynda zerur bolan tehnikalary, ýagny ekin meýdanlaryny arassalamak, olary ekişe taýýarlamak, dermanlamak, suwarmak, ýetişen hasyly ýygnamak boýunça enjamlaryň önümçiligi boýunça alnyp barylýan ylmy işler bilen tanyşmak has gyzykly boldy.

Saparyň dowamynda bu ýokary okuw mekdebiniň biotehnologik ulgamlaryň inženerçiligi fakultetinde professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlik has täsirli boldy. Bu ýerde türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegi üçin uniwersitetleriň arasyndaky gyzyklanmalar boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň