Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatyndaky «ýaşyl zolaklaryň» hatary uzaýar

09:5125.02.2020
0
1240

Daşoguz welaýatynda täze döredilýän «ýaşyl zolakdaky» ýerlerde agrotehniki çäreler, toplumlaýyn taýýarlyk işleri irgözinden geçirilip başlandy. Bu zolak welaýat merkezi bilen gözel paýtagtymyzy birleşdirýän Daşoguz — Aşgabat uly ýolunyň 33-nji kilometrinden başlap, alys gözýetime uzap gidýär. Şu ýyl täze döredilen zolagyň 5 gektar ýerinde bag nahallarynyň 2 müň düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu günler bellenilen meýdanda dürli kysymly traktorlaryň güýji bilen ýerler sürülýär, endigan tekizlenýär.

Şu ýyl welaýat boýunça agaç nahallarynyň 1 million düýbi ekilýär. Şonuň 800 müň düýbüni ýaz paslynda, 200 müň düýbüni hem güýz aýlarynda ekmek göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ýylsaýyn artýan bag bezegine täze goşulýan baglaryň 107 müň düýbi miweli agaçlardyr.

Bahar paslynyň ilkinji aýynda badalga berilýän bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek babatynda ähli etraplarda degişli işler alnyp barylýar. Şol gün welaýatyň ähli ýerlerinde pürli we saýaly baglaryň 183 müň 300 düýbi oturdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň