Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Sport» «El Klasikony» göni ýaýlymda görkezer

20:0124.02.2020
0
7519

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan futbol duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp bermegini dowam etdirýär. Şu hepde hem türkmenistanly futbol janköýerlerine Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlaryndan gyzykly duşuşyklaryň ençemesi garaşýar.

2-nji mart gijesi sagat 00:55-de ýaýlym Ispaniýanyň çempionatyndaky «Real Madrid» ― «Barselona» duşuşygyny hem göni ýaýlymda görkezer. Başgaça, «El Klasiko» diýlip atlandyrylýan bu duşuşyk diňe bir şu hepdäniň däl, tutuş ýylyň iň garaşylýan futbol duşuşyklarynyň biridir.

25.02.2020 — 02.03.2020

25.02.2020

00:25, Germaniýa, Bundesliga, «Aýntraht» ― «Union»

29.02.2020

00:25, Germaniýa, Bundesliga, «Fortuna» ― «Gerta»

19:25, Germaniýa, Bundesliga, «Hoffenhaým» ― «Bawariýa»

21:25, Fransiýa, Liga 1, PSŽ ― «Dižon»

01.03.2020

00:40, Italiýa, Seriýa A, «Napoli» ― «Torino»

16:25, Italiýa, Seriýa A, «Milan» ― «Ženoa»

18:55, Italiýa, Seriýa A, «Leççe» ― «Atalanta»

21:25, Angliýa, Liga kubogy, «Aston Willa» ― «Mançester Siti»

02.03.2020

00:55, Ispaniýa, La Liga, «Real» Madrid ― «Barselona».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň