Arhiw

“Milwaki Baks” NBA-nyň taryhynda iň ir pleý-off tapgyryna çykan topar boldy

17:2324.02.2020
0
221
“Milwaki Baks” NBA-nyň taryhynda iň ir pleý-off tapgyryna çykan topar boldy

Milli Basketbol ligasy NBA-da pleý-off çykyş etmäge hukuk gazanan ilkinji topar belli boldy. Gündogar Konferensiýasynda “Çikago Bulls” 126:117 hasap bilen ýeňlişe sezewar eden “Milwaki Baks” eýýämden pleý-offda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu topar NBA-nyň taryhyndaky iň ir pleý-offda oýnamaga hukuk gazanan topar hökmünde hasaba alyndy. Milwaki Baks şu wagta çenli geçiren 56 duşuşygynyň 48-sinde ýeňiş gazandy. 82 duşuşykda ybarat bolan adaty möwsüm aprel aýynda tamamlanýar.  

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň