Woleýbol: Türkmenistanyň çempiony 1-nji martda belli bolar

16:0524.02.2020
0
4386

Türkmenistanyň Woleýbol federasiýasyndan berlen habara görä, ertir, 25-nji fewralda woleýbol boýunça milli çempionatymyzda dördünji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Duşuşyklary 1-nji marta çenli dowam etjek tapgyr milli çempionatyň jemleýji tapgyry bolar. Ýagny iň köp utuk toplan topar Türkmenistanyň çempiony bolar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, birinjilik ugrundaky ýaryş 10 toparyň arasynda dowam edýär. Olar Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty», Migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär», Döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi», Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubynyň «Milli goşun», Goranmak ministrliginiň «Watançy», Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi hem-de Informatika we telekommunikasiýalar institutynyň «Kerwen» toparlarydyr.

Üçünji tapgyryň duşuşyklarynyň Türkmenabat şäherinde geçirilendigini habar beripdik. Jemleýji tapgyryň netijesinde ýurdumyzyň çempiony bolan topara şu ýyl yklym ýaryşyna gatnaşmak hukugy garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň