Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze futzal ýaryşy ― Naýbaşy liga döredildi

15:5024.02.2020
0
6069

Şu ýyl Türkmenistanyň futzal toparlarynyň arasynda täze bir ýaryşa badalga berler. Ol Naýbaşy liga diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda hem habar berlişi ýaly, täze futzal ýaryşy futbol çempionatyna çalymdaş bolar. Ýagny, çempion dört aýlawyň netijesinden soňra belli bolar.

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ilkinji möwsümine sekiz topar gatnaşar. Olar «Köpetdag», «Olimp», «Deňizçi», «Serhetçi», «Daýhanbank», «Gümrükçi», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlarydyr.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde futzalyň deňeçer ösüşini gazanmak maksady bilen, täze çempionatyň duşuşyklary Aşgabat, Türkmenbaşy, Daşoguz hem-de Mary şäherlerinde geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan düzülen meýilnama laýyklykda, badalgasy Aşgabat şäherinde beriljek Naýbaşy liganyň duşuşyklary her üç tapgyrdan soňra başga şähere göçüriler. Şeýlelikde, dört aýlawda jemi 108 duşuşyk geçiriler.

Ilkinji duşuşyklary 9-njy martda boljak Naýbaşy liga 10-njy oktýabrda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň