SOCAR Dubaýda geçirilýän OGT ― 2020 çäresine gatnaşýar

15:3524.02.2020
0
8380

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekiliýeti şu gün Dubaý şäherinde açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly roud-şoa gatnaşýar diýip, «Report» habarlar agentligi ýazýar.

Habarda aýdylyşy ýaly, SOCAR bu çäräniň hemaýatkärleriniň hem biri bolup durýar. Azerbaýjan kompaniýasyndan bu çärä kompaniýanyň maýagoýum we marketing boýunça wise-prezidentiniň orunbasary Adnan Ahmetzade wekilçilik edýär.

Ýeri gelende, ilkinji gezek Türkmenistandan başga ýerde geçirilýän bu çärä biziň ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan iri kompaniýalaryň onlarçasynyň wekilleriniň gatnaşýandygyny aýtmak gerek. Iki günlük foruma «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmengeologiýa» döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlykda «Türkmen Forum» kompaniýasy hem gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň