Soňky habarlar

Arhiw

“Audi”-leri robotlar öndürer

15:1824.02.2020
0
1432

Dünýä belli “Audi” awtoulaglarynyň önümçiliginde robotlaryň kömeginden peýdalanylar. Munuň üçin Şwesiýanyň “Ericsson” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edilmegi we internet aragatnaşygynyň 5-nji neslinden peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Adamlar bilen bilelikde işlejek robotlar önümçiliginiň ýokary hilli we çalt bolmagyna goşant goşarlar. Dürli sensorlar ýerleşdirilen robotlar önümçilikde ýüze çykyp biljek bökdençlikleriň hem öňüni almaga ýardam edýär. Eýýäm synag maksatly öndürilen robot “Audi” ulagyna howa ýassygyny ýerleşdirmekde peýdalanyldy. Nemes brendiniň awtomatlaşdyrylan ulgamlar tehnologiýasy bölüminiň ýolbaşçysy Arýen Kreýs 5G tehnologiýasynyň önümçilikde ulanylmagynyň robotlar bilen adamlaryň howpsuz ýagdaýda bilelikde işläp biljekdigini görkezendigini aýdýar. 5G-niň döreden mümkinçiligi bilen robot 1 millisekuntda edýän işini togtadyp bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň