Soňky habarlar

Arhiw

Oweçkin NHL-de 700-nji şaýbasyny geçirdi

14:5224.02.2020
0
1203

“Waşington Kapitolsyň” russiýaly ýyldyzy Aleksandr Oweçkin toparynyň “Nýu Jersi Dewilz” bilen bolan duşuşygynda NHL-däki 700-nji şaýbasyny geçirdi. Şunlukda, ol 700 şaýba geçiren iň ýaş 2-nji hem-de iň tiz wagtda bu görkezijä ýeten 2-nji hokkeýçi bolmagy başardy. Ady agzalan iki görkezijide-de Weýn Gretski birinji orny eýeleýär. 34 ýaşly Oweçkin 1144 duşuşykda 700 şaýba geçirdi. Ol NHL-de 700 şaýba geçiren 8-nji hokkeýçi bolup, bu ugurda Weýn Gretski öňde barýar. Gretski karýerasy boýunça 894 şaýbany öz adyna ýazdyrdy.  

NHL-de iň köp şaýba geçirenler

Weýn Gretski – 894 şaýba

Gordi How – 801

Ýaromir Ýagr – 766

Bret Hull – 741

Marsel Dionne – 731

Fil Esposito – 717

Maýk Gartner – 708

Aleksandr Oweçkin – 700  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň