Soňky habarlar

Arhiw

Şägirt halypadan ozdurdy

18:0023.02.2020
0
1539

Angliýanyň “Premier” ligasynda 27-nji tapgyryň merkezi duşuşygynda “Çelsi” bilen “Tottenhem” duşuşdy. Çekeleşikli geçen London derbisinde ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Çelsi” toparyna ýeňiş getiren gollary tälimçi Frenk Lampardyň esasy düzümde meýdança çykarmaýan oýunçylary – Oliwie Žiru (15) bilen Markos Alonso (48) derwezä girizdi. “Tottenhemiň” ýeke-täk goluny-da 89-njy minutda Antonio Rudiger öz derwezesinden geçirdi. Şeýlelikde, şägirt Frenk Lampard ozalky halypasy Žoze Mouriniony ýeňmegi başardy. Şeýle-de Angliýanyň “Premier” ligasynda tapgyryň ýene bir esasy duşuşygynda “Mançester Siti” myhmançylykda “Lester Sitini” Gabriel Žesusyň 80-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň