Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

00:3223.02.2020
0
8119

«Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň kortlarynda tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Tennis federasiýasy bilen bilelikde geçiren ýaryşy 15 ― 22-nji fewral aralygynda sportuň bu görnüşiniň muşdaklaryna gyzykly duşuşyklary bagyşlady.

Erkekleriň arasyndaky ýekeleýin duşuşyklarda Altymyrat Gurbanow ýurdumyzyň çempiony boldy. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Arzuw Gylyjowa taý tapylmady.

Altymyrat Gurbanow jübütleýin ýaryşyň hem ýeňijisi boldy. Onuň jübüti bolup Gurbangeldi Sähedow ýaryşdy. Anastasiýa Azimbaýewa bilen Güljan Muhammetgulyýewadan ybarat jübüt zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýurdumyzyň çempiony boldy.

Milli çempionatda üstünlikli çykyş eden tennisçilere ýygyndy toparymyza goşulmaga mümkinçilik döredi. Olar halkara ýaryşlarda ýurdumyza wekilçilik ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň