Soňky habarlar

Arhiw

Sambo boýunça Belarusdaky halkara ýaryşyň ikinji gününde türkmen türgenleri iki medal gazandylar

16:5022.02.2020
0
12352

«A» derejede sambo boýunça Belarusyň Prezidentiniň baýragy ugrunda geçirilen halkara ýaryşyň ikinjii gününde türkmen türgenleri ýene-de iki medal gazandylar. Bu barada Sambo boýunça Halkara federasiýanyň resmi saýty habar berýär.

Ýaryşyň ikinji günündäki medallaryň ikisi hem bürünç medaldyr. Olary 74 kilograma çenli agramda Allanazar Baýlyýew bilen 90 kilograma çenli agramda Tejen Tejenow gazandy. Tejen Tejenowyň ýaryşyň ilkinji gününde sport sambosy boýunça hem bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, türkmen samboçylary halkara ýaryşyň iki gününde üç medal gazandylar.

20 ― 21-nji fewral günlerinde Minsk şäherinde geçirilen halkara ýaryşda medallaryň 26 toplumy üçin ýiti göreş gitdi. Toparlaýyn hasapda birinji orna ýer eýeleri (23 medal, şol sanda, 8-si altyn), ikinji orna ukrainaly (6 altyn), üçünji orna gazagystanly (4 altyn) türgenler mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň