Soňky habarlar

Arhiw

“Liwerpulyň” kapitany Henderson şikes aldy

14:4522.02.2020
0
865

“Premier” ligada çempionlygyň bosagasynda duran “Liwerpul” topary Çempionlar ligasynda ýeňilmeginden soň, janköýerleri gynandyran ýene bir waka boldy. Ol hem toparyň kapitany Jordan Hendersonyň şikesli bolmagydyr. 29 ýaşly ýarymgoragçy dyzyna ýeten şikes sebäpli 3 hepdeläp duşuşyk geçirip bilmez. Ol şu möwsümde ähli ýaryşlary hasaba alynda 34 oýunda meýdança çykyp, 3 goly öz adyna ýazdyrypdy. “Liwerpul” nobatdaky duşuşygyny 24-nji fewralda “West Ham” bilen geçirer.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň