Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede derbiler tapgyry

14:3422.02.2020
0
1009

Türkiýäniň çempionaty Süper Ligde 23-nji tapgyrda 2 derbi duşuşygy oýnalar. Şu gün “Beşiktaş” öz meýdançasynda “Trabzonspory”, ertir “Fenerbahçe” bolsa, “Galatasaraýy” kabul eder.

7-nji orundaky “Beşiktaş” bilen 2-nji basgançakdaky “Trabzonsporyň” arasyndaky duşuşyk Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. Özara oýnalan soňky 5 duşuşygyň diňe 1-inde ýeňiş gazanan “Beşiktaş” bu günki oýunda utulan ýagdaýynda, çempionlyk ugrunda uly ýitgi sezewar bolar. Iki topar 130-nji gezek duşuşar. Şolarda “Beşiktaş” 53, “Trabzonspor” 45 gezek ýeňiş gazandy.

Ertirki “Fenerbahçe”–“Galatasaraý” derbisi Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. 42 utukly “Galatasaraý” 4-nji, 38 utukly “Fenerbahçe” 6-njy hatarda barýar. Ertirki oýun iki toparyň arasyndaky 391-nji duşuşyk bolar. Mundan öňki 390 oýnuň 146-synda “Fenerbahçe”, 123-sinde “Galatasaraý” ýeňiş gazandy. Toparlaryň soňky 5 duşuşygy deňlikde gutardy. Galyberse-de “Galatasaraý” ezeli garşydaşyny myhmançylykda 20 ýyldan gowrak wagt bäri ýeňip bilenok. Olar soňky sapar myhmançylykda 1999-njy ýylyň dekabrynda 2-1 ýeňipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň