Soňky habarlar

Arhiw

Ýulimar Rohas dünýä rekordyny täzeledi

12:3822.02.2020
0
875

Ýeňil atletika boýunça “World Indoor Tour” ýaryşlarynyň Ispaniýanyň paýtagty Madridde geçirilen tapgyrynda dünýä rekordy täzelendi. Wenesuelaly Ýulimar Rohas üçürdiklap bökmekde dünýä rekordyny goýdy. 24 ýaşyndaky zenan türgen 15,43 metre böküp, Tatiýana Lebedewanyň 2004-nji ýylyň 6-njy martynda Budapeştde goýan 15,36 metrlik rekordyny täzelemegi başardy. Rio – 2016 Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan Rohas 2 gezek Dünýäniň çempiony bolup, ol Tokio – 2020-de hem altyn medalyň iň esasy dalaşgärleriniň biri hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň