Arhiw

“2020 Volvo S90” we V90 tanyşdyryldy

12:2822.02.2020
0
948

“Volvo” kompaniýasynyň S90 we V90 modelleri tanyşdyryldy. Şwed kompaniýasy soňky ýyllarda elektrokar önümçiligine aýratyn ähmiýet berýär. Soňky tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan ulagda ulagyň içindäki howany arassalan ulgam hem oturdylypdyr. Bu ulgam içerdäki howanyň düzümindäki ähli hapa bölejiklerini arassalaýar. Şeýle hem ulagyň içinde daşardan gelen sesi azaldýan we içindäki sesiň has dury eşidilmegini üpjün edýän ulgam ýerleşdirilipdir. Modelleriň ikisinde hem ýeňil gibrid tehnologiýa oturdylypdyr. Adaty ýangyçly motor hem-de elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi göwrümli motor oturdylan ulaglara ýeňil gidrid diýilýär. Kiçi göwrümli elektrik motor gerek bolan ýagdaýynda ulagyň tizligini artdyrmaga goşmaça goldaw berip, ýangyjyň sarp edilişini azaldýar. Kompaniýa geljek 10 ýylyň dowamynda birnäçe elektrokar modelini işläp taýýarlar. “Volvo” golaýda “XC40” atly elektrik energiýasy bilen işleýän şäheriçi krossowerini tanyşdyrdy. 2022-nji ýylda bolsa, XC90 atly elektrokaryny satuwa çykarar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň