Arhiw

Türkmenistanda dokmaçylaryň arasynda geçirilen hünär bäsleşigi jemlenildi

12:1022.02.2020
0
814

Golaýda paýtagtymyzdaky dokma toplumynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Dokma senagaty ministrligi tarapyndan bilelikde yglan edilen «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan toparlar gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bäs­le­şi­giň düz­gün­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da oňa gat­na­şan to­parlar «Ga­dy­my na­gyş­la­ryň syr­la­ry», «Sun­ga­tym bar — hor­ma­tym bar», «Kes­bi-kä­rim ne­sil­le­re gö­rel­de» ýa­ly şert­ler bo­ýun­ça ba­şar­nyk­la­ryny gör­kez­di­ler.

Bäs­le­şige gat­na­şyjylar düzgün­na­ma­nyň bi­rin­ji şer­ti­ne la­ýyklyk­da ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ly­basla­ry­na ýer­leş­di­ril­ýän na­gyş­lar, ola­ryň dö­reý­şi ba­ra­da­ gür­rüň ber­di­ler. Ir­ki dö­wür­ler­den kä­milleş­di­ri­lip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­rilen na­gyş­la­ryň öz­bo­luş­ly ta­ry­hy bar. Şeý­le ro­wa­ýat­la­ryň sak­la­nyp gal­ma­gy bol­sa hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ra, halk ha­zy­na­synyň dür­le­ri­ne uly hor­mat goý­ýandy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bäs­le­şi­giň ikin­ji şer­ti has-da täsir­li bol­dy. On­da to­par­lar öz ýanla­ry bi­len ge­ti­ren mil­li ly­bas­la­ry­nyň gu­ta­ryl­ma­dyk nag­şy­ny bel­le­nen wag­tyň do­wa­myn­da keş­de­läp görkez­di­ler.

Ahyr­ky şert bo­ýun­ça to­par­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ren el iş­le­riniň was­py­ny goş­gu­dyr aý­dym­laryň, ro­wa­ýat­la­ryň üs­ti bi­len be­ýan et­di­ler. Çy­kyş­la­ry­ň bi­ri-bi­rin­den täsir­li bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

Emin­ler to­pa­ry­nyň ge­len ne­ti­je­sine la­ýyk­lyk­da, bäs­le­şik­de baş baý­raga Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň, bi­rin­ji or­na Ahal we­la­ýa­ty­nyň, ikin­ji or­na Bal­kan we­la­ýa­ty bi­len Aş­ga­bat şä­he­ri­niň, üçün­ji or­na Le­bap, Ma­ry we­la­ýat­lary­nyň dok­ma­çy­la­ry my­na­syp bol­dular. Ýe­ňi­ji­le­re Hor­mat hat­la­ry­dyr ýady­gär­lik sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň