Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýat baş metjidinde eserlerinden düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi

11:5022.02.2020
0
12086

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň baş metjidinde özüniň jöwher paýhasyndan kemal bolan ajaýyp eserlerinden düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Döwlet Baştutanynyň bu ýerde belleýşi ýaly, bu metjidiň umumy meýdany 5 gektara barabardyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem metjidiň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutany şular ýaly kaşaň metjitleriň Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda hem gurlup, ulanylmaga berilýändigini aýdyp, diňe soňky ýyllarda açylan metjitleri mysal getirdi. Şolaryň hatarynda 2009-njy ýylda açylan Mary welaýatynyň baş metjidi, 2015-nji ýylda açylan Daşoguz welaýatynyň baş metjidi, 2018-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda açylan metjit we obadyr şäherlerimizdäki beýleki metjitler bar.

Häzirki wagtda Balkanabat şäherinde hem Balkan welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygy alnyp barylýar diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Döwletimiz haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän adamlara hem uly goldaw berýär. Her ýyl ildeşlerimiziň ýüzlerçesi döwlet tarapyndan ähli goldawlary alyp, mukaddes ýerlere zyýarata gidýärler. Oraza aýynda agyz beklenip, agzaçar sadakalary berlip, Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, tarawa namazlary okalýar we ýagşy doga-dilegler edilýär.

— Goý, Gudraty güýçli Allatagala siziň ähli ýagşy arzuw-niýetleriňizi hasyl edip, il-ýurt bähbitli, haýyrly işleriňizde hemişe güýç-kuwwat bersin diýip, milletiň Lideri sözüni jemledi.

Soňra döwlet Baştutany ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykandan soň, nahar çekildi. Tagam dadylyp, aýat-töwir edildi.

Sadakanyň ahyrynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şeýle diýdi:

— Beren sadakalaryňyz, eden aýat-töwirleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

— Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!

Soňra milletiň Lideri ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň