Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýat baş metjidine ýadygärlik örtügi we teperrigi gowşurdy

11:4522.02.2020
0
977

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügi ylahy gymmatlyk hökmünde Lebap welaýatynda täze gurlan metjide ýadygärlik hökmünde gowşurdy.

Metjitde şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik milletiň Liderine Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde haj parzyny berjaý eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Döwlet Baştutanynyň din wekilleri hem-de hormatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp, kabul eden çözgüdine laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň togap edip bilmegi üçin teperrik ýurdumyzyň metjitlerinde goýulýar. Indi şol mümkinçilik Lebap welaýatynyň ilaty üçin döredildi.

Ýaşulular iki mukaddeslige tagzym edip, milletiň Lideriniň ähli asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň