Tizligini ýoluň ýagdaýyna görä sazlaýar

11:3322.02.2020
0
768

“Hyundai” we “Kia” kompaniýalary ulagyň tiz geçirijisini ýoluň ýagdaýyna görä awtomat çalyşýan täze tehnologiýany tanyşdyrdy. “Information and Communication Technology” (Maglumat we Aragatnaşyk Tehnologiýasy) atly tehnologiýa tizlik geçiriji gutusy awtomat bolmadyk ulaglarda tizligi ýoluň ýagdaýyna görä, awtomat ýagdaýda üýtgedýär. Bu tehnologiýa hem sürüjiniň işini ýeňilleşdirýär, hem-de tizligiň gerek bolmadyk halatynda çalyşylmagynyň öňüni alyp, ýangyjy tygşytlaýar. Ulag ýolyşygyň reňkini hem uzakdan görüp, şonuň ýagdaýyna görä tizligi sazlaýar. Şeýle ulagy döretmek üçin 40-dan gowrak täze tehnologiýa ulanylmaly bolupdyr. Olaryň arasynda üç ölçegli nawigasiýa, kameralar, sensorlar we “akylly” radarlar hem bar. Bu tehnologiýa oturdylan ulaglaryň haçan satuwa çykaryljakdygy mälim edilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň