Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syn geçiriler

19:5121.02.2020
0
384
Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syn geçiriler

2020-nji ýylyň 25-nji fewraly 1-nji apreli aralygynda “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syny” geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň gender deňligi boýunça 2015 – 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň hem-de  Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikdäki taslamalarynyň Iş meýilnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçiriler.

Agzalan syn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar birleşiginiň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň wekillerinden düzülen Iş topary tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler.

Bu syn Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan bolan aýallaryň gatnaşmagynda geçiriler. Syny geçirmek üçin Türkmenistanyň döwlet ulgamynyň dürli pudaklaryndan bolan 50-den gowrak wekil ýörite taýýarlyk usulyýet okuwlaryny geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň