“Sony” maşyn öndürer

18:4121.02.2020
0
368
“Sony” maşyn öndürer

“Sony” kompaniýasy geçen aý Las-Wegasda geçirilen elektron enjamlaryna bagyşlanan halkara sergide “Vision-S” atly elektrokaryny köpçülige görkezilipdi. Bu nusgalyk ulag synagdan geçirilmek maksady bilen Awstriýanyň Graz şäherinde getirildi. Ýapon kompaniýasynyň ulagyň önümçiligi üçin “Magna Steyr” şereketi bilen hyzmatdaşlyk etjekdigi mälim edildi. Ulag ýylyň ahyrynda ýol hereketine açyk ýerlerde synagdan geçiriler. Tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan elektrokaryň içinde we daşynda jemi 33 sensor bolup, olar ulagyň has howpsuz bolmagyny üpjün ederler. Bu innowatiw ulaga ýerleşdiriljek sensorlar häzirki wagtda “Lexus” we “Toyota” ýaly käbir modellerde peýdalanylýar. Ulagy işläp taýýarlanlarynda “BlackBerry” we “Bosch” ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň çözgütlerinden peýdalanylypdyr. 100 km/sagat tizlige 4,8 sekuntda ýetýän ulagyň ýokary tizligi 240 kilometre barabar bolar. “Vision-S”-iň haçan satuwa taýýar ediljekdigi mälim edilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň