Dubaýda geçiriljek nebitgaz forumyna taýýarlyk görülýär

17:4121.02.2020
0
291
Dubaýda geçiriljek nebitgaz forumyna taýýarlyk görülýär

20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanyna şu ýylyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu çärelere türkmen wekiliýeti bilen birlikde, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň gün tertibine sebitde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň orny, ýurdumyzda gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz ýataklaryny özleşdirmegiň taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, nebit hem-de gaz ýataklarynyň önüm berijiligini artdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny, uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemek we marketing bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçiriler. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň