Türkmenistanyň Prezidenti Oba we daşky gurşawy goramak ministrligine daşary ýurt kompaniýalaryndan önümleri satyn almaga ygtyýar berdi

17:3221.02.2020
0
343

20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýurdumyzyň maldarçylyk pudagy üçin weterinar serişdeleri, waksinalary, ýuwujy hem-de anyklaýyş serişdelerini we enjamlary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň