5G tehnologiýasy bilen demir ýol gurlar

17:2821.02.2020
0
417
5G tehnologiýasy bilen demir ýol gurlar

Internet aragatnaşygynyň 5-nji nesli diňe telefonlarda däl, eýsem saglygy goraýyş, ulag ulgamy, magdan senagaty ýaly dürli ugurlarda peýdalanylýar. “Nokia” kompaniýasy bilen Germaniýanyň “Deutsche Bahn” şereketi Gamburg şäherinde awtomatlaşdyrylan demir ýoly dörederler. “Sanly ýeňil relsli ulgam” atly taslamanyň indiki ýyl tamamlanmagyna garaşylýar. Taslamanyň çäklerinde guruljak 21 kilometrlik ýolda demir ýol ulaglary dolulygyna awtomatlaşdyrylan ýagdaýda, ýagny maşinistsiz hereket eder. Demir ulaglaryna 5G tory arkaly uzakdan gözegçilik ediler. Ýeri gelende aýtsak, internetiň 4G baglanyşygy mobil enjamlarda 100 Mbps, Wi-Fi aragatnaşygynda 1 Gbps tizlige ýetip bilýär. Bu görkeziji 5G-de degişlilikde, 10Gbps we 20 Gbps töweregi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň