Rioda Peläniň heýkeli açyldy

17:1821.02.2020
0
481
Rioda Peläniň heýkeli açyldy

Braziliýanyň iň iri şäheri Rio-de-Žaneýrodaky milli ýygyndynyň muzeýinde futbolyň şasy Peläniň heýkeli açyldy. 1970-nji ýylda gazanylan 3-nji Dünýä Kubogyna 50 ýylyň dolmagy mynasybetli mumiýadan ýasalan heýkeliň açylyş dabarasyna ýurduň futbol federasiýasynyň degişli ýolbaşçylary, milli ýygyndynyň tälimçisi Tite, kubogy gazanan futbolçylardan Ado, Brito, Klodoaldo, Dario, Edu, Žairzinio, Leao, Piazza, Roberto Miranda we beýleki adamlar gatnaşdylar. Bu taryhy dabara saglyk ýagdaýy sebäpli 79 ýaşyndaky Pele gatnaşyp bilmedi. Federasiýanyň başlygy Rojerio Kaboklo dabara gatnaşan köne futbolçylara ýubileý ýyl mynasybetli taýýarlanan ýörite medallardan gowşurdy.

Peläniň ýolbaşçylygyndaky Braziliýanyň milli ýygyndysy Meksikada geçirilen Dünýä Kubogynyň finalynda Italiýanyň ýygyndysyny 4-1 hasabynda ýeňipdi. Şol döwürdäki Braziliýanyň ýygyndysy futbolyň taryhyndaky iň güýçli toparlaryň biri hökmünde görkezilýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň