Waýlder bilen Fýuriniň haklaşyk duşuşygy

16:4321.02.2020
0
548
Waýlder bilen Fýuriniň haklaşyk duşuşygy

Boks muşdaklary üçin garaşylýan pursat gelip ýetdi. Agyr agramyň iki ägirdi amerikaly Deonteý Waýlder bilen angliýaly Taýson Fýuri WBC-niň çempionlyk guşagy ugrunda haklaşyk duşuşygyny geçirer. Garaşylýan tutluşyk 23-nji fewralda (ýekşenbe güni) ABŞ-nyň Las Wegas şäherindäki “MGM Grand Garden Arena”-da geçiriler. Tutluşyk Aşgabat wagty bilen irden 10:00-da başlar. Ol Russiýanyň REN TV, Türkiýäniň DMAX teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler.  

Iki boksçynyň 2018-nji ýylyň fewralynda geçiren birinji tutluşygy deňlikde tamamlanypdy. 34 ýaşly Waýlder şu wagtda 43 duşuşyk geçirip, 42-sinde ýeňiş gazandy. Bir duşuşygy deňlikde (ol hem Fýuri bilen bolan duşuşyk) tamamlanan Waýlder ýeňişleriniň 41-sini nokaut bilen almagy başardy.

31 ýaşly Fýuri bolsa, geçiren 30 duşuşygynyň 29-synda garşydaşlaryndan rüstem gelip, olaryň 20-sinde nokaut bilen ýeňiş gazandy. Bu tutluşygyň ýeňijisiniň beýleki çempionlyk guşaklaryny özünde saklaýan angliýaly Entoni Joşua bilen ringe çykmagyna garaşylýar. Bilermenleriň çaklamasyna görä, ýekşenbe günki tutluşykda Waýlder angliýaly garşydaşyna garanyňda, bir ädim öňde.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň