Şu ýyl Ahal welaýatynda 1 million düýp bag oturdylar

16:1221.02.2020
0
790

Şu ýyl Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahaly, welaýatlaryň çäklerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahaly oturdylar. Şonuň bilen baglanyşykly, gadymy Ahal ýaýlasynda üstümizdäki ýylda 1 million düýp bagyň, şol sanda 893 müň düýp saýaly we pürli, 107 müň düýp miweli baglary we üzüm nahallaryny oturtmak göz öňüne tutulýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu günler welaýatda köpçülikleýin bag ekmek boýunça dabara ykjam taýýarlyk görülýär. Bu işde döwlet Baştutanymyzyň bag ekmek boýunça möçberli çäräni toplumlaýyn ylmy esasda, ýerli toprak-howa aýratynlyklaryny nazara alyp geçirmek bilen baglanyşykly beren tabşyryklaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Her ýyl şäherdir etraplara ýörite bölünip berilýän ýerlerde pürli, saýaly we miweli baglar, üzüm nahallary ekilýär, ýylyň bütin dowamynda olaryň idegi ýetirilýär. Welaýatda şu ýyl baglaryň aglabasyny ýazky bag ekmek möwsüminde oturtmak meýilleşdirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilýän ýerleri kesgitlenip, kartalaryny çyzyldy. Şu günler ýerleri tekizlemek, çukur gazmak ýaly agrotehniki işleri alnyp barylýar.

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda ýurt derejesindäki köpçülikleýin bag ekmek dabarasyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi, ol ýerde ýörite bölünip berlen 50 gektara barabar meýdanda 25 müň düýp tut nahalyny oturtmagyň göz öňünde tutulýandygy hem bellärliklidir. Geçen ýyllarda hem Köpetdagyň eteginiň bu gözel künjeginde şeýle görnüşli baglaryň köp sanlysynyň oturdylandygy, kemsiz idegdir esewan edilen şol agaçlaryň bu gün kadaly boý alýandygy has-da guwandyryjydyr. Täze möwsümiň dowamynda ol ýerde ekiljek baglar bolsa, şol agaçlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirer.

Häzirki wagtda bu gözel ýaýlada bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri gyzgalaň­ly alnyp barylýar. Welaýatyň şäherdir etraplarynda hem köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işlerine jogapkärli çemeleşilýär. Şäherdir etraplaryň jemagat hojalyklary müdirlikleriniň nahalhanalary tarapyndan ýetişdirilen baglaryň müň­lerçe düýbi hem ýazky bag ekmek möwsüminde dörediljek täze ýaşyl zolaklara özboluşly bezeg goşar. Möwsümiň dowamynda ýerlerde, seýilgählerde, ýollaryň ugrunda, edara binalarynyň we ýaşaýyş toplumlarynyň daş-töwereginde hem dürli baglary oturtmak maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň