Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen samboçysy Tejen Tejenow Belarusyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky halkara ýaryşda bürünç medal eýeledi

15:4821.02.2020
0
12167

20-nji fewralda Minsk şäherindäki Sport toplumynda sambo boýunça Belarusyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky halkara ýaryşa badalga berildi. Oňa 21 döwletden ýüzlerçe türgen, şol sanda türkmenistanly samboçylar hem gatnaşýarlar.

20-nji fewralda geçirilen ýaryşlaryň netijesinde 90 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Tejen Tejenow gruziýaly Pata Giwenaşwili bilen bürünç medaly paýlaşdy.

Halkara ýaryşdaky ilkinji tutluşygynda ýerli türgen Ýewgeniý Ilýuhini ýeňen Tejen Tejenow ýeňiş gazanyp, deslapky tapgyra çykdy. Ukrainaly Ýaroslaw Dawidçugy hem ýeňen ildeşimiz ýarym finalda özbegistanly Nemat Ýakubowdan asgyn geldi. Ýeri gelende aýtsak, 90 kilograma çenli agram derejesinde özbegistanly türgen altyn medal gazandy.

Belarus paýtagtyndaky halkara ýaryş dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň