Türkmenistanyň boks ýygyndysy Aşgabatda türgenleşýär

15:1821.02.2020
0
2401
Türkmenistanyň boks ýygyndysy Aşgabatda türgenleşýär

Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndysy öňde boljak halkara ýaryşlara şu günler Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda taýýarlanýar. Milli ýygyndymyz her gün iki wagtyna türgenleşýär.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy fewral aýynyň ahyryna çenli dowam eder. Oňa gatnaşýan bäş türgenimiz martyň başyna Iordaniýada geçiriljek yklym ýaryşyna gatnaşarlar.

Türgenleri halkara ýaryşlara Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazmuhammet Pazzyýew (baş tälimçi), Aliasker Başirow (Boks federasiýasynyň wekili), Annamyrat Sähedow (Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi), Çarymyrat Geldimyradow (Aşgabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi) we Döwran Meýlibaýew (Daşoguz şäherindäki sport mekdebiniň tälimçisi) dagylar taýýarlaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň